Mejnun tal, leýlisaç

3 Iýul 2024
296

Bereketli topragymyzda agaçlaryň dürli görnüşi ösýär. Olar howany arassalamak, topragy tebigatyň zyýanly täsirlerinden goramak bilen birlikde daş-töweregimize gaýtalanmajak gözelligi hem bagyşlaýarlar. Şeýle agaçlaryň arasynda söwütler maşgalasyna degişli bolan leýlisaç hem bar. Bu täsin agaçlar özleriniň owadanlygy, özboluşly keşbi bilen beýleki ak söwüt, tal, gara söwüt ýaly agaçlardan düýpli tapawutlanýarlar.

Leýlisaçlaryň şahalary aşaklygyna ösüp, suw akymyny ýadyňa salýar. Olar ir baharda gülleýärler. Ýapraklary ellips şekilli, süýnmegräk, gyralary diş-diş şekilli bolup, uzynlygy 10 santimetre ýetýär. Olar, ortaça, 30 — 40 ýyl ýaşaýarlar.

Hudaýberen SULTANOW.
Beýleki habarlar