Lukman Hekimiň wesýeti

2 gün öň
35

Lukman Hekim agyr hassa bolup ýatyrka obadaşlary onuň saglygyny soramaga gelipdirler. Olar hekimiň ýatyşyny görüp, gynançdan aglapdyrlar. Özleriniň bu beýik ynsanyň saglygynyň dikelmegi üçin kömek etmäge çäreleriniň ýokdugyna has hem ýürekleri gyýlypdyr.

Obadaşlarynyň bu bolup oturyşlaryny gören Lukman Hekim: «Adamlar näme aglaýarsyňyz?» diýip, olara ýüzlenipdir. Şonda obadaşlary: «Siz bizi dertden saplaýardyňyz. Indi size bir zat bolaýsa, bizi kim bejerer?» diýşip, has beter aglapdyrlar.

Toplan Şadurdy BABYLLYÝEW,
Türkmengala etrabynyň «Täze ýol» geňeşliginiň ýaşaýjysy.
Beýleki habarlar