Halkyň ruhy hazynasy

1 Iýul 2024
43

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan şahyryň umman ýaly giň many-mazmuna eýe bolan edebi mirasy hakdaky maglumatlary özünde jemleýän «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasynyň» taýýarlanylýandygy bellenilmäge mynasypdyr.

Sanly we neşir görnüşde taýýarlanýan bu iş «Şahyryň edebi mirasy», «Ýaşan döwrüniň syýasy-durmuş ýagdaýy», «Esaslandyran edebi-döredijilik mekdebi», «Türkmen diliniň, edebiýatynyň kämilleşmegindäki orny» diýen ýaly otuza golaý bölümi öz içine alýar.

Begli GURBANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar