Magtymgulynyň alysdaky mertebesi

1 Iýul 2024
64

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde, taryhymyzy, milli mirasymyzy hemmetaraplaýyn öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak ugrunda ägirt uly işler ýaýbaňlandyrylýar. Türkmen halkyny dünýä tanadan nusgawy şahyrlarymyzyň nesillere miras galdyran ajaýyp eserlerini bir ýere jemläp, ylmy esasda öwrenmek we dünýä jemgyýetçiligine tanatmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, ata Watanymyz Türkmenistanda we onuň çäklerinde, şol sanda Türkiýe döwletinde-de uly işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň we Ankaranyň sosial ylymlary uniwersitetiniň hem-de Türki dünýäsiniň inženerler we binagärler birleşigi bilen bilelikde Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahatynyň geçirilendigini bellemek bolar.

Ibrahim ÇAPAR,
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzasy, türkiýeli türkmen.
Beýleki habarlar