Saglyk maksatly, ekologik taýdan arassa önümler

1 Iýul 2024
212

Tebigatyň gözel künjeginde ýerleşýän Arkadag şäheriniň çägindäki arassa dag çeşmeleriniň suwunyň ynsan saglygy üçin ýaramlylygy, bu künjekde ösýän dermanlyk ösümliklerden alynýan, ekologik taýdan arassa çig maldan öndürilýän ýokary hilli önümler Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, ýurdumyzyň lukmançylyk edaralary üçin ekologik taýdan arassa, halkara hil görkezijilerine laýyk gelýän, ýerli çig mallardan öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak hem-de saglygy goraýyş edaralarynyň degişli serişdelere bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi. Kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan lukmançylyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini, ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän pamyklary, dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtüklerini, başgaplary, halatlary, ýorgan-düşek daşlyklaryny, aýakgap örtüklerini we beýleki saglyk maksatly serişdeleri öndürmek ýola goýuldy.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar