Köp dil bilmek kämilligiň beýany

13 Iýun 2024
375

Adamzat jemgyýetiniň ösüşi ylym-bilim bilen özara baglanyşyklydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüdir. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman dünýäsi ylmy esasda ösdürilýär. Ylym-bilim pudagynyň işini kämilleşdirmek, bu işi häzirki zamanyň talaplary esasynda ýola goýmak bilen baglanyşykly guramaçylyk, hukuk, kanunçylyk çäreleriniň uly tapgyry amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy munuň aýdyň görkezijisidir.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanylýan ýokary netijeler biziň her birimizi buýsandyrýar. Şonuň üçin hem bilim bermegiň döwrebap ugurlary, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar. Köp dil öwrenmek we ony ýaş nesle öwretmek kämilligiň aýdyň beýanydyr. Köp dil bilmegiň durmuşy ähmiýeti örän uly bolup, ol halkara gatnaşyklarynyň, diplomatiýanyň işjeň serişdesidir. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän myhmanlary maksadalaýyk garşy almak, olar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak, bu ugurda ýüze çykýan soraglary çözmek üçin dürli dilleri öwrenmegiň hyzmaty uludyr. Şonuň ýaly-da, dünýäniň ylmy edebiýatlary bilen tanyşmak üçin hem daşary ýurt dilleri möhüm bolup durýar. Bu babatda, daşary ýurt dilini öwredýän mugallymlaryň we hünärmenleriň öňünde birnäçe pedagogik wezipeler durýar.

Gunça NURMATOWA,
Çärjew etrabynyň 64-nji orta mekdebiniň rus dili mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar