Şygyr äleminiň soltany

13 Iýun 2024
822

Asyrlar, heňňamlar özüniň dürli wakalary bilen taryha ýazylýar. XVIII asyr hem türkmen halkynyň ykbalynda çylşyrymly döwür bolup, Magtymguly Pyragy ýaly beýik akyldary dünýä berdi. Magtymguly Pyragy halky agzybirlige, bir bitewi döwlet bolmaga çagyrypdyr. Onuň her bir şygrynda watansöýüjiligiň kämil nusgalary şöhlelenipdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Magtymguly Pyragy bu gün umumadamzat şahyryna öwrülip, dünýä paýhas nuruny saçýar. Alymlaryň nygtaýşy ýaly, Magtymguly arap edebiýatyndaky aruz şygyr düzüliş gurluşy bilen türki edebiýatyndaky goşuk galyply goşgy düzüliş aýratynlygyny birleşdirdi. Netijede, edebiýatda täzeçe görnüş we halka ýakyn dilli şygyrlar döredi. Bu hem edebiýatyň uly hadysasy hökmünde taryha girdi.

Magtymguly Gündogaryň edebi däplerini, ýordumlaryny türkmen edebiýatynyň edebi däpleri, ýordumlary bilen utgaşdyryp, täze keşpleri döretmegi başaran ussatdyr. Ol Gündogaryň iň gowy däplerini halkymyzyň ruhuna, ýörelgelerine, medeniýetine, ruhy-ahlak kadalaryna laýyklykda ösdüripdir, baýlaşdyrypdyr. Şeýlelik-de, Magtymguly öz döredijiliginde öňe sürýän garaýyşlary arkaly ömrüni adamzadyň kämilleşmegine, hemmetaraplaýyn ösmegine, öňünde goýan beýik maksatlaryna ýetmäge bagyşlapdyr. Şol sebäpli-de, şahyryň sözleri, şygyr setirleri akyl hem-de nakyl bolup ýüreklere ornady.

Begenç AMAŞOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar