Dograma

12 Iýun 2024
769

Türkmen naharlarynyň içinde dograma taýsyz tagam hasap edilýär. Dogramanyň taýýarlanylyşy dürli aýratynlyga eýe.

Dograma taýýarlamak üçin, ilkinji nobatda, petir çörek bişirilýär. Soňra gazana suw guýup, güýçli otda goýulýar hem-de guýlan suw reňkine geler ýaly pomidor atylýar. Ondan soňra oňa elin soýlan goýnuň täze eti atylyp, et bişip süňkden sypar derejesine ýetýänçä gaýnadylýar. Şu ýagdaýda gazanyň agaçdan edilen galyň gapagynyň bolmagy zerurdyr. Çünki gapak bugy ýaýratman özünde saklap, etiň tagamynyň has-da süýjemegine täsir edýär.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.
Beýleki habarlar