Il saglygy — ýurduň baýlygy

12 Iýun 2024
360

Ýurdumyzda ýaş nesil hakyndaky alada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak saglygy goraýyş ulgamynyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Türkmenistanda bu ugurda ylmy-barlag işleriniň geçirilmegi netijesinde, çagalarda köp duş gelýän keselleri irki döwürde anyklamagyň, bejermegiň täze usullary esaslandyryldy.

Döwrebap lukmançylyk merkezlerinde halkara ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň köp görnüşleri hödürlenilýär. Merkezlerde ornaşdyrylan öňdebaryjy enjamlar hem bar bolan keselleri irki döwürlerde anyklamaga, iň täsirli bejeriş çärelerini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu işde Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin niýetlenen «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa gollanma bolup hyzmat edýär.

Kemal GUDRATULLAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar