Baş alada — halkyň sagatlygy

12 Iýun 2024
381

Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleri häzirki günlerde iň döwrebap mümkinçilikleriň gurşawynda zähmet çekýärler. Ilatyň saglygyny goramak babatynda alnyp barylýan işleriň döwrüň iň ösen talaplaryna laýyk getirilmegi ýurdumyzda sagdyn jemgyýetiň berkarar edilmegine uly goşant goşýar.

Welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde hem enäniň we çaganyň saglygyny goramakda netijeli işler amala aşyrylýar. Merkezde alnyp barylýan bejergi işleriniň hili lukmanlaryň iş tejribesini artdyrmaklary esasynda has-da ýokarlanýar. Ýaňy-ýakynda bu ýerde but süňkünde kemçiligi bolan çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça ilkinji sapar geçirilen operasiýa ýokary üstünliklere beslendi. Şowly geçirilen operasiýanyň netijesinde şeýle näsag ýöremek ukyplaryna eýe boldy. Munuň özi welaýatymyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň taryhy ädimidir. Biz bu operasiýany ilkinji bolup ýerine ýetiren merkeziň trawmatolog-ortoped lukmany Pirguly Pirkulyýew bilen söhbetdeş bolduk.

Söhbetdeş bolan Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar