Gözleriň goragynda

12 Iýun 2024
381

Dünýä alymlarynyň belleýişlerine görä, aglamagyň ähmiýeti gülmegiňkiden artyk bolmasa, kem däldir. Aglamak agyr duýgulary yzarlaýar. Bu, umuman, birahatlykdyr, emma käte şatlykdyr gülki gözýaşlary hem bolup biler. Ýelli, sowuk howada ýa-da sogan dogralanda, adamyň gözünden akan gözýaş onuň kalbyny çuň duýgular gurşap alan mahalky gözlerinden syzylyp çykan gözýaş bilen deň däldir. Olar biri-birinden tapawutlydyr. Şeýle gözýaşlaryň gormonal we himiki düzümi-de üýtgeşikdir.

Geçirilen barlaglaryň netijesinde gözýaşyň düzüminde gaýgy-hasrata we agyra garşy çydamlylygy artdyrýan endorfin gormonynyň, bedendäki ruhy sarsgynyň başda peýda bolýan alamatlarynyň biri bolan ASTN we prolaktin gormonlarynyň bardygy ýüze çykaryldy. Olar adamyň dem alyş ulgamy we içki tolgunmasy bilen berk baglanyşyklydyr. Adam aglaýarka, bedeninde az-kem ýadawlyk peýda bolýar, emma soňra özüni biraz rahat duýýar, ünjüsi egsilýär. Barlaglar duýgy gözýaşlarynyň ruhy sarsgyn zerarly bedene ornan käbir zyýanly maddalary daşary çykarmaga täsir edýändigini görkezýär.

Manzura HEKIMOWA,
Türkmenabat şäherindäki 3-nji saglyk öýüniň göz lukmany.
Beýleki habarlar