«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024
Häzirki wagtda Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 1-nji iýunda Grenlandiýanyň milli ýygyndy topary bilen halkara ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşygy netijeli geçiren milli ýygyndymyz garşydaşyndan 5:0 hasabynda üstün çykdy. Ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren toplary Elman Tagaýew (2), Didar Durdyýew, Şanazar Tirkişow hem-de Alibek Abdyrahmanow öz atlaryna ýazdyrdylar.