Beýiklige sarpa

6 Iýun 2024
882

Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur wekilleriniň heýkelleri bina edilen medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjynyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlendigini bellemek wajypdyr.

Magtymguly Pyragynyň hatyrasyna bina edilen medeni-seýilgäh toplumynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň baýramynyň dabaraly bellenilýän günlerinde açylmagynda çuňňur many-mazmun bar. Sebäbi Esasy Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz Pyragynyň şygyrlarynda halky üçin arzuwlan gymmatlyklarydyr.

Maksat KULYÝEW,
Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň ulaglarda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.
Beýleki habarlar