Türkmen sportunyň ynamly gadamy

5 Iýun 2024
301

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün sport döwleti hökmünde uly halkara abraýa eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýetimizde köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýokary görkezijili türkmen sportunyň kemala gelmegini gazanmak babatda badalga beren asylly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketi has-da giň gerime eýe bolup, milli sportumyz ösüşiň täze belentliklerine ynamly gadam urýar. Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanylmagy hem hut şu hakykat bilen baglanyşyklydyr.

Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary, hususan-da, ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri üçin hemme şertler bar. Ähli ýerde döwrebap bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport mekdepleridir desgalary hereket edip, olarda adamlaryň saglygyny berkitmek, şeýle hem ussat türgenleri taýýarlamak boýunça maksada okgunly işler alnyp barylýar. Munuň özi türgenleriň täze nesliniň kemala gelmegini üpjün edýär. Bu gün olar Watanymyzyň sport abraýyny arşa göterýärler.

Nartäç Ganýokmazowa,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar