Ildeşimiz dünýäniň çempiony

5 Iýun 2024
367

Türkmen türgenleri ýaz paslynyň soňky günlerini uly ýeňişler bilen jemlediler. Ýagny ýaş agyr atletikaçylarymyz Perunyň paýtagty Lima şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda medallaryň birnäçesine eýe boldular. Ildeşimiz, Türkmenabat şäherindäki 5-nji orta mekdebiň okuwçysy Süleýman Jafarow hem dünýäniň 50 döwletinden 280 türgeniň gatnaşmagynda geçirilen bu ýaryşda ýokary netijäni görkezip, dünýäniň çempiony bolmagy başardy.

Süleýmanyň ýeňşi Jafarowlaryň maşgalasynda gazanylan üstünlikleriň ilkinjisi däldir. Çünki ýaş çempionyň kakasy, Türkmenabat şäherindäki 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi Bahtiýar Jafarow we onuň agasy, Dänew etrabyndaky 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi Yhtyýar Jafarow dagy hem indi birnäçe ýyllardan bäri agyr atletika boýunça döwlet we halkara ýaryşlarynda özleriniň ukyp-başarnyklary bilen tapawutlanyp gelýärler. «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter» diýlişi ýaly, Süleýman olardan ozdy. Ol entek ýetginjekkä dünýä çempiony bolmagy başardy. Bu bolsa çagalykdan kakasynyň ýanynda türgenleşiklere gatnap, kämillik ýolunda badyny birjik-de gowşatmadyk ýaş türgeniň diňe bir güýjüniň däl, eýsem, baryp çagalyk arzuwynyň hem wysal tapmasydyr.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar