Welosipediň taryhyndan

4 Iýun 2024
466

Welosiped ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulagyň görnüşi höküminde dünýäde giňden ulanylýar. Welosiped sürmek adamyň saglygyna oňaýly täsir edýär. Açyk howada gözel tebigatda welosiped sürülende bedeniň madda çalşygy güýçlenýär, ýürek-damar, ýokanç kesellerden goraýjy ulgamlaryň işjeňligi ýokarlanýar, durky berkeýär. Welosipedde gezelenç edileninde uzak aralyga seretmek bilen şowakörlük keseliniň öňüni alýar. Ol adamyň myşsalarynyň, immunitetiniň berkemegine ýardam berip, süýji keseli bejermekde hem has peýdaly hasaplanýar.

Ilkinji welosipediň oýlanyp tapylan wagty 1817-nji ýyl diýlip çaklanylýar. Ony germaniýaly baron Fon Drez «Drezdiniň aty» ady bilen döredýär. Şondan 23 ýyl soň, ýagny 1840-njy ýylda şotlandiýaly Makmillan onuň has kämilleşen, yzky tigirlerini herekete getirýän ryçag goýulan görnüşini ýasaýar. 1965-nji ýylda bolsa Fransiýada ilkinji gezek welosiped döredilýär. 1870-nji ýylda Angliýanyň Kroýden şäherinden G.Beýts hem welosiped ýasapdyr. XIX asyryň 80-90-njy ýyllarynda welosipediň täze görnüşlerini döretmek has-da kämilleşýär. Şol sebäpden XX asyrda welosiped sürmek ýörgünli bolup başlaýar. Şeýle-de käbir taryhy maglumatlarda welosipediň çyzgysyna Leonardo da Winçiniň eserlerinde hem duş gelnendigi bellenilýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Aýnabat SAPAROWA,
TKA-nyň Görogly etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar