Ýer ýüzünde sarpaly sene

3 Iýun 2024
386

Bütindünýä welosiped güni welaýatymyzda ýokary ruhubelentlige beslendi

Bütindünýä welosiped güni her ýylda bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýurdumyzyň çar künjeginde giňden bellenilip geçildi. Welaýatymyz boýunça esasy baýramçylyk çäreleri Balkanabat şäherinde ýaýbaňlanyp, şol gün ir säherden «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndan köpugurly welosipedli ýörişe badalga berildi. Edara-kärhanalaryň, guramalaryň işgärleri, talyp ýaşlar birnäçe kilometre uzan baýramçylyk ýörişini ýokary ruhubelentlikde geçdiler. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sportuň barha rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsi bolan ýörişe gatnaşyjylar ýol ugrunda welaýat merkeziniň gözelliklerine syn etdiler, medeni-sport çäreleriniň şaýatlary boldular.

Aşyrberdi Gurbanow.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».
Beýleki habarlar