Petekleriň ortaça bahasy rekord derejä ýetdi

3 Iýun 2024
311

Milli basketbol assosiasiýasynyň (MBA) final seriýasynda «Dallas Maweriks» bilen «Boston Seltiksiň» arasyndaky oýunlar üçin satylýan petekleriň ortaça bahasy 4 müň 150 amerikan dollaryna barabar. Bu barada «Basket News» habar berýär.

Çeşmäniň bellemegine görä, bu görkeziji petekleriň ortaça bahasy babatda MBA-nyň täze rekordydyr. Bu ugurda mundan ozalky rekord 2019-njy ýylda «Golden Steýt Uorriorz» bilen «Toronto Reportsyň» arasynda oýnalan final seriýasynda hasaba alnypdy. Şonda final seriýasynyň petekleriniň ortaça bahasy 3 müň 899 amerikan dollaryna deň bolupdy.

Beýleki habarlar