Türkmenistanyň milli ýygyndysy 5:0 hasabynda ýeňiş gazandy

3 Iýun 2024
310

1-nji iýunda futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Grenlandiýanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen oýun ildeşlerimiziň uly hasapdaky ýeňşi bilen tamamlandy. Has takygy, türkmen futbolçylary garşydaşdan 5:0 hasabynda üstün çykmagy başardylar.

Milli ýygyndymyzyň düzüminde Elman Tagaýew dubl etdi, şeýle-de Şanazar Tirkişow, Didar Durdyýew, Alibek Abdyrahmanow dagy bir gezekden tapawutlandylar. Bu ýoldaşlyk duşuşygy milli ýygyndymyzyň şu aýda Özbegistan we Gonkong bilen boljak oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde guraldy.

Taýýarlan: Ymamberdi MUHAMMETBERDIÝEW, TDBGI-niň talyby.
Beýleki habarlar