Müňýyllyklaryň medeniýeti

31 Maý 2024
818

Ata Watanymyzda halkymyzyň Oguz han döwründen gözbaş alyp gaýdýan geçmiş taryhyny, milli mirasyny ylmy taýdan çuňňur öwrenmek, şeýle hem medeni ýadygärliklerimizi gorap saklamak maksady bilen uly işler alnyp barylýar. Gadymy türkmen halkynyň ruhy-edebi gymmatlyklarynyň halkara derejede wagyz edilmegi bolsa uly ähmiýete eýedir. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.

Gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir. Änew şäheri diňe taryhy bilen däl, eýsem, şu günki ajaýyplygy we uzak geljege gönügen ösüşli beýik maksatlary bilenem dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Kitapda bular barada giňişleýin maglumat bermek bilen, hormatly Prezidentimiz: «Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň» diýip belleýär.

Mährijemal ÇOWDUROWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar