Talyplar genetika boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi boldular

30 Maý 2024
396

Biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyplary ýakynda Türkmen oba hojalyk instituty tarapyndan geçirilen genetika boýunça II internet bäsleşiginde öňdäki orunlaryň ikisine mynasyp boldular. Has takygy, bäsleşikde institutymyzyň talyplary Mähriban Merdanowa ikinji, Oguljennet Rahmanowa bolsa üçünji orunlary eýelediler.

Bäsleşikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisiniň talyplary genetika ugrundan bilimlerini görkezdiler. Oňa gatnaşanlara tematiki soraglar we meseleler berlip, olary çözmäge bolsa 90 minut wagt berildi.

Niýazgül ISMETOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň magistranty.
Beýleki habarlar