Ajaýyp sungatyň belent sarpasy

27 Maý 2024
913

Türkmen gelin-gyzlarynyň el işleriniň naýbaşysy bolan türkmen halylary özüniň gaýtalanmajak owadanlygy bilen dünýäni haýrana goýup gelýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda bu ajaýyp sungatyň we şeýle gözelligi döredijileriň sarpasy belent tutulýar. Munuň şeýledigine Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly çäreler hem bütin aýdyňlygy bilen şaýatlyk etdi. Şeýle dabaralaryň biri etrabymyzyň Sakar şäheriniň medeniýet öýünde geçirildi. «Çitimiňde gül Diýaryň keşbi bar» diýen at bilen geçirilen çärä elleri hünärli gelin-gyzlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.

Turuwbaşdan aýdym-sazyň şirin owazyna beslenen çärede ene-mamalarymyzyň halyçylyk senedini üstünlikli dowam etdirýän zenanlar çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyzy gorap saklamak, kämilleşdirmek we geljekki nesillere ýetirmek ugrunda taýsyz tagallalary edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Halyçylyk sungaty bolsa halkymyzyň gözellik nusgasy hökmünde dünýäde meşhur bolýar. Çäräniň dowamynda halyçylyk sungaty, onuň täsin gölleri hakynda giňden durlup geçildi we çärä gatnaşyjylara owadan haly we haly önümleri görkezildi. Uly joşgun bilen ýerine ýetirilen aýdymlarda we göwün göteriji tanslarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluna wepaly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleri, ösýän-özgerýän eziz Watanymyz, on barmagy hünärli zenanlarymyz, owadan türkmen halylary belentden wasp edildi.

Arzuw SAPAROWA,
Saýat etrap häkimliginiň hünärmeni, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar