Türkmenistanyň çempionaty

24 Maý 2024
347

Bu gün ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Bu bäsleşikler ýaşlaryň saýlap alan sport görnüşleri boýunça has-da kämilleşmeklerine şert döredýär, tejribe mekdebi bolup durýar.

15 – 21-nji maýda zenanlaryň arasynda gandbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Aşgabat şäherinde guralan ýaryşa paýtagtymyzdan we welaýatlardan toparlar gatnaşdy. Bu bäsleşikde Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebiniň türgenlerinden düzülen paýtagtyň topary 1-nji orny eýeledi. Olary bu ýaryşa G.Narbaýewa, O.Kobzewa, S.Hannyýewa dagy taýýarlady. Ýeňiş gazanan toparyň düzüminde Maýsa Raimowa, Aýşa Rejebowa, Diana Ýeremeýewa, Anna Begjanowa has-da tapawutlandylar.

Jennet DÖWRANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar