Agyr ag­ra­myň äh­li de­re­je­si­niň eýesi bol­dy

24 Maý 2024
428

Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň paý­tag­ty Er-Ri­ýad­da ge­çi­ri­len boks ag­şa­myn­da ta­ry­hy tut­lu­şyk bol­dy. Şon­da bri­ta­ni­ýa­ly Taý­son Fýu­ri bi­len uk­rai­na­ly Alek­sandr Usik öza­ra güýç sy­na­nyş­dy. Agyr ag­ra­myň ab­sol­ýut çem­pi­on­ly­gy ug­run­da­ky tut­lu­şyk­da Usik gar­şy­da­şy­ny 9-njy raund­da nok­dawn bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 12 raund­lap do­wam eden tut­lu­şyk­da emin­ler şol nok­daw­nyň Usi­giň ýe­ňiş ga­zan­ma­gy­na uly go­şant go­şan­dy­gy­ny bel­le­di­ler.

Bu ýe­ňiş bi­len Usik gar­şy­da­şy Taý­son Fýu­ri­den WBC-niň çem­pi­on­ly­gy­ny al­ma­gy ba­şar­dy. Şun­luk­da, Usik agyr ag­ram­da 4 de­re­jä­niň hem eýe­si bo­lup, ol 2021-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da An­to­ni Jo­şua­ny ýe­ňip, WBA, WBO, IBF çem­pi­on­lyk gu­şak­la­ry­ny alyp­dy. Usik soň­ky 25 ýyl­da agyr ag­ram de­re­je­sin­de çem­pi­on­lyk gu­şak­la­ry­nyň 4-si­niň hem ab­sol­ýut çem­pio­ny bo­lan il­kin­ji boks­çy hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Usik­den öň soň­ky sa­par Len­nos Lýu­wis 1999-njy ýyl­da Ewan­der Ho­li­fil­di ýe­ňip, agyr ag­ram­da 4 çem­pi­on­lyk gu­şa­gy­ny hem eýe­läp­di. 37 ýa­şyn­da­ky Usik kar­ýe­ra­syn­da­ky 22-nji ýeň­şi­ni ga­za­nyp, ol şu wag­ta çen­li bir sa­par hem ýe­ňil­me­di.

Beýleki habarlar