Ganatly zebra

22 Maý 2024
904

Beýle diýilse bedeni uzyn-uzyn zolakly haýwanyň göz öňüne gelmegi hem mümkin. Emma bu ýerde gürrüň balyk barada barýar. Onuň şeýle atlandyrylmagy bolsa derisiniň görnüşi bilen baglanyşyklydyr.

Ýer yüzünde ganatly zebra balyklarynyň 180-e golaý görnüşiniň bardygy aýdylýar. Olaryň bedeniniň ortaça uzynlygy 30 santimetr töweregi bolup, kükreklerinde ýüzgüçleri bardyr. Bu balygyň arkasyndaky ganat şekilli ýüzgüçleri örän güýçlüdir, kellesinde iňňe ösüntgileri bolýar. Onuň ýüzgüçleriniň ujunda zäherli mäzleri bar. Olaryň birnäçesiniň birigip sünjülmegi hatda adam üçin howp döredip bilýär.

Beýleki habarlar