Owgan tilkisi

21 Maý 2024
880

Owgan tilkisi ýyrtyjylar toparyna, itler maşgalasyna degişlidir. Bu tilkiler ýitme howpuna degişli jandarlardyr. Sebäbi beýleki goňur tilkiler, alajabarslar, bürgütler, hatda hüwüler hem owgan tilkisiniň ýagysydyr.

Bu tilkileriň göwresiniň uzynlygy, ortaça, 40-50 santimetre ýetip, gulaklary dim-dik bolýar. Bedeni sarymtyl-akgoňur-çal reňkli bolsa-da, hüžžerilip duran owadan, ýumşak gür tüýi garamtyl öwüsýär.

Nurbibi ARAZMEDOWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň Işgärler bölüminiň hünärmeni.
Beýleki habarlar