Delfinleriň täsin durmuşy hakda

8 Maý 2024
1169

Gadym wagtlardan bäri özleriniň täsinlikleri, şowhunlylyklary, adama ýakyn häsiýetleri bilen tapawutlanýan delfinler örän akylly jandarlardyr. Häzir olaryň dünýäde 50 görnüşi duş gelýär. Delfinleriň iň ulusy kasatka bolup, onuň göwresiniň uzynlygy 10 metre çenli ýetýär.

Awuny ultrasesleriň kömegi arkaly gözläp tapýan delfinler suwda özlerinden çigit çigitlenýän ýaly ýokary äheňde ses çykarýarlar. Şol ses hem dürli zatlara degip, yzyna serpilýär we delfinleriň eşidiş agzalarynyň kömegi arkaly kabul edilýär. Delfinler çykarýan sesleri arkaly biri-birleri bilen dürli maglumatlary alşyp bilýärler. Şonuň netijesinde hem olar haýsydyr bir delfiniň balyk sürüsiniň üstünden barandygyny eşidip, tiz wagtyň içinde şol ýere ýygnanýarlar.

Elmira Rozumowa,
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň laboranty.
Beýleki habarlar