Aý­han Ha­jy­ýe­wiň dö­re­di­ji­li­gin­de zenan dünýäsi

22 Aprel 2024
496

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyz ähli ulgamlarda uly ösüşleri gazanýar. Döwletimiz tarapyndan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işler ýola goýulýar. 2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän şygryndan ugur alnyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy beýik akyldara ägirt uly hormatyň nyşanydyr. Magtymguly Pyragynyň keşbini döredip, şekillendiriş sungatynyň taryhynda uly yz goýan ussat türkmen suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy hem şu ýyl uly ruhubelentlige beslenip bellenip geçiler.

Aýhan Hajyýewiň eserleri türkmen nakgaşçylyk sungatynyň gaznasyny düzýär. Ol 1924-nji ýylyň 26-njy aprelinde Aşgabat şäheriniň Bagyr obasynda dünýä inýär. Onuň sungat älemine aralaşmagyna ejesi itergi berýär. Oglunyň çagalykdan surat çekmäge bolan höwesine üns berip, onuň zehinini ösdürmek maksady bilen, ony çeperçilik tehnikumynyň ýanyndaky mekdebiň sungat bölümine okuwa ugrukdyrýar. Onuň 13 ýaşyndaka «Pagta meýdanyndaky dynç alyş» atly çeken suraty çagalar suratlarynyň Bütinsoýuz bäsleşiginde ikinji orna mynasyp bolýar. Ilkinji üstünliginden ruhlanan Aýhanda özüne ynam döräp, surat çekiş tilsimlerini barha kämilleşdirmäge çalyşýar.

Mähri ATDAÝEWA,
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Muzeý gymmatlyklaryny hasaba alyş we saklaýyş bölüminiň baş gazna saklaýjysy.
Beýleki habarlar