Ama­ly-ha­şam sun­ga­tyn­da «Go­çak» nagşy

22 Aprel 2024
406

Sungat jemgyýetiň aňyna örän uly täsir edýär. Ilkidurmuş adamlary şekillendiriş sungaty arkaly daş-töweregi gurşaýan ähli zatlary suratlandyrmagy başaryp bilipdirler. Asman jisimleriniň, haýwanlaryň, ösümlikleriň we dürli geometrik şekilleriň üsti bilen adamlaryň aňy barha kämilleşip, amaly-haşam sungatynda nagyşlaryň sazlaşykly ösüşi ýüze çykypdyr.

Gadymy döwürlerde adamlaryň nagyşlary nyşan ýa-da hat hökmünde şertli belgileriň üsti bilen beýan etmekleri olaryň dünýägaraýşyny kesgitleýär. Nagyşlar – geometrik şekillerden durupdyr. Haç-atanak, üçburçluk, inedördül, romb, sekizburçluk, ösümliklerden: bag, gül, ýaprak, haýwan şekillerinden: dag tekesi, goçuň şahy, ýylan, guşlaryň dürli görnüşleri, olaryň belli bir beden agzalary haşam görnüşe salnyp, nagyş hökmünde ulanylypdyr. Bularyň nagşa geçirilen görnüşleri türkmen halylarynyň we egin-eşikleriň el bejergilerinde duş gelýär. Bu şekilleriň her biri aýratyn manyny aňladypdyr.

Gülälek KEROGLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar