«Kompozitor» medeni ojaklarda

18 Aprel 2024
391

8 — 14-nji aprel aralygynda paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda, «Watan», «Türkmenistan» kinokonsert merkezlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap Medeniýet öýlerinde «Kompozitor» filminiň görkezilişi boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň surata düşüren «Kompozitor» atly täze filmi gysga wagtyň içinde halkyň söýgüsini gazandy. Filmde ýaş nesliň terbiýesi we ösüşi üçin möhüm ruhy-ahlak gymmatlyklary beýan edilýär. Aýratyn-da, maşgala agzybirligi, jebisligi açylyp görkezilýär. Şonuň üçinem oňa ilkinjiler bolup, okuwçylar we talyp ýaşlar tomaşa etdiler. Filmde baş gahryman öz dogduk mekanynyň tebigatyndan, maşgala däp-dessurlaryndan we türkmen kompozitorlyk mekdebiniň baý mirasyndan ylham alyp, täze saz döredýär, okuwçylara bilim berýär. Filmde ähli wakany saz gürrüň berýär.

Gyzylgül AMANLYÝEWA.
«Arkadag».
Beýleki habarlar