Şöhratly geçmişden röwşen geljege uzaýan ýol

17 Aprel 2024
387

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby şanly taryhymyza, maddy we ruhy gymmatlyklarymyza goýulýan sarpa bolup, halkymyzda çäksiz hoşallyk duýgularyny döretdi. Bu eseriň Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen ýylda çapdan çykmagy onuň ähmiýetini, many-mazmuny has-da artdyrdy. Kitaby okanyňda, gadymy Änewiň umumadamzat medeniýetiniň ösüşinde möhüm orny eýeländigi baradaky gymmatly maglumatlar hem-de gülläp ösýän şäheriň şu güni bilen tanyş bolýarsyň. Ajaýyp eseriň  «Gadymy Änewiň täsinligi» atly babynda şäheriň binagärlik ýadygärlikleri, «Taryhy birleşdirýän uly wakalar» atly babynda bolsa TÜRKSOÝ tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä boýunça dabaraly bellenilmeginiň taryhy wakalar bolup, nesilleriň arabaglanyşygyny üpjün edýändigi barada gürrüň edilýär. Şundanam görnüşi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze eseriniň ýaşlarda şöhratly taryhymyza söýgi döretmekde, olary watançylyk ruhunda terbiýelemekde ähmiýeti uludyr. 

Bu kitap muzeý işgärleri üçin gymmatly gollanmadyr. Sebäbi gadymy medeniýete şaýatlyk edýän milli mirasymyz muzeýlerde aýawly saklanýar. Suwarymly ekerançylygyň gadymy ojagynyň ýerleşýän ýerinde Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň açylmagy, XV asyrda bina edilen Seýit Jemaleddin metjidiniň arheologik barlaglaryň netijesinde ýüze çykarylan taryhy tapyndylarynyň Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde köpçülige görkezilmegi munuň subutnamasydyr.

Nurgözel Gurbanberdiýewa,
Gyzylarbat şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar