Ösüşleriň ruhy güýji

17 Aprel 2024
495

Döwletimiz ähli ugurlarda taryhy üstünliklere eýe bolýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da gowulanyp, ýurdumyz uly ösüşlere beslenýär. Munuň gözbaşynda durýan hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda gurmaga hem-de döretmäge esaslanýan döwlet syýasatymyz üstünlikli amala aşyrylýar» diýip belleýär.

Täze taryhy eýýamda medeniýetimiz we sungatymyz hem ajaýyp döwrümize mynasyp derejede kämilleşýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimiziň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagy üçin ähli şertleri döredýändigine ýurdumyzyň dürli künjeginde gurlup ulanmaga berilýän medeni maksatly desgalaryň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda gurlan, ähli şert-mümkinçilikleri özünde jemleýän teatrlar, muzeýler, kitaphanalar, aýdym-saz, döredijilik merkezleri ajaýyp zamanada ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda ýeten derejesiniň aýdyň nyşanydyr. Döwrebap şertleri özünde jemleýän medeni ojaklarda dürli çäreler geçirilýär. Diýarymyzyň bagtyýar raýatlary ol ýerlere baryp, medeniýetli dynç alýarlar.

Dünýägözel Abaýewa,
Türkmenbaşy etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar