Tebigatyň täsin jandary

10 Aprel 2024
976

Itaýy samyrlar maşgalasyndan bolan täsin haýwandyr. Onuň bedeniniň ýokarky bölegi maňlaýyndan tä guýrugynyň ýokarsyna çenli ak reňkdedir. Bedeniniň tutuş aşaky bölegi bolsa garamtyl-goňurdyr.

Daşky görnüşi we ululygy boýunça itaýy torsuga ýa-da uly bolmadyk ite meňzeşdir. Onuň bedeni muskullydyr, süýnmekdir. Uzynlygy 68-75 santimetrdir, agramy 16 kilograma golaýdyr. Guýrugy 20-30 santimetr bolup, hemişe dik durýar. Kellesi uly, aýaklary gysga, eňekleri we aýaklary güýçlüdir. Öňdäki penjelerindäki uzyn we güýçli dyrnaklary ýeri gazmaga uýgunlaşandyr. Yzky aýaklaryndaky dyrnaklary iridir, ýöne öňdäki aýaklaryndakydan gysgadyr.

Hanmeňli Hojamämmedowa,
Sünt-Hasardag tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar