Änew — tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty

27 Mart 2024
421

26-njy martda Ak bug­daý et­ra­bynyň «Now­ruz ýaý­la­syn­da­ky» «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­syn­da Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek çä­re­le­re ba­dal­ga ber­mek da­ba­ra­sy bol­dy.

Şol gün «Now­ruz ýaý­la­syn­da» giň ge­rim­li baý­ram­çy­lyk ýag­da­ýy eme­le gel­di. Da­ba­ra­la­ra gat­naş­mak üçin bu ýe­re Hö­kü­met ag­za­la­ry, Mej­li­siň, Halk Mas­la­ha­ty­nyň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň, da­şa­ry döw­let­le­riň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýur­du­myz­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri ýyg­nan­dy­lar. Hor­mat­ly myh­man­la­ryň ha­ta­ryn­da «Ga­dy­my Änew me­de­ni­ýe­ti» at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­ta, «Türk­men top­ra­gy — ga­dy­my si­wi­li­za­si­ýa­la­ryň mer­ke­zi» at­ly met­bu­gat mas­la­ha­ty­na, «Türk­me­nis­tan­da sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry we müm­kin­çi­lik­le­ri» at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­ta gat­naş­mak üçin ýur­du­my­za ge­len Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň we onuň dü­zü­mi­ne gir­ýän Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň (TÜRK­SOÝ), Tür­ki döw­let­le­riň Par­la­ment As­samb­le­ýa­sy­nyň, Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň we mi­ra­syň gaz­na­sy­nyň, Hal­ka­ra tür­ki aka­de­mi­ýa­sy­nyň, TÜRK­SOÝ-na ag­za hem-de syn­çy ýurt­la­ryň de­giş­li mi­nistr­lik­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­dyr yl­my we­ki­li­ýet­le­ri bar.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar