Siz muny bilýärsiňizmi?!

24 Mart 2024
1274

Garynja

Ýaz paslynyň gelmegi bilen ähli janly-jandarlar herekete gelýär. Esasan hem, garynjalar bu möwsümde işjeň görnüşe geçýärler. Olar tä howa sowap, gyş düşýänçä iýmit azyklaryny ýygnamak bilen meşgullanyp başlaýarlar. Garynjalaryň ýaşaýyş şertlerine görä, olaryň reňkleri tapawutlanýar. Olar häzirki wagtda ýaşyl, sary, goýy goňur, gyzyl we mawy reňkde bolup bilýär. Garynja özünden 20 esse agyr zady götermäge ukyplydyr. Garynjanyň gözi bilen bagly aýratynlygy nazarda tutsaň, onuň gözleri çalasyn hereketleri yzarlap bilýär, emma ýitiligi bolsa gowy kabul edip bilmeýär.

Oguljeren BERDIÝEWA,
Kaka etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar