Ýaz azygy — gyş azygy

22 Mart 2024
1292

Türkmen halkymyz irki döwürlerden bäri maldarçylyk, ekerançylyk bilen meşgullanmagyň özboluşly medeniýetini döredipdirler. Kesp-käri çarwaçylyk bolan hojalyklar mallary bilen her ýyl alabaharda sergin daglara, giň sähralyga, otuň, suwuň bol ýerine ýazlaga göçüpdirler. «Ýaz aksyz bolma, güýz göksüz» diýlen pähime eýeren türkmen zenanlary mallardan, esasan, dowarlardan alynýan süýtden, dürli görnüşli azyk önümlerini taýýarlapdyrlar. Şonuň esasynda halk arasynda süýt we süýt önümleri, süýtden bişirilýän tagamlar bilen baglanyşykly birnäçe däp-dessurlar, yrym-ynançlar döräpdir.

Maldarlarda dowarlaryň köpelýän we sagylýan döwri örän jogapkärli döwür bolup, onuň şowly, ýitgisiz geçmegi, süýt önümleriniň bolelin öndürilmegi üçin goýnuň piri hasaplanylýan Musa Pygamberiň hatyrasyna sadaka berlipdir. Sagym döwri aý, aý ýarym dowam edýär. Bu döwürde maldarlar indiki sagym döwrüne çenli zaýalanman saklanmaga ukyply süýt önümlerini taýýarlapdyrlar. Günbatar Türkmenistanda sagym döwri başlananda berilýän sadaka «ak aş», merkezi Garagumuň maldarlarynda «goýnuň musasy» diýlip atlandyrylypdyr. Sadaka çopanlar, ýazlaga çykanlar çagyrylyp, ilkinji saglan süýtden süýtlaş bişirilipdir we doga okalyp, mallaryň sag-amanlygy, süýt önümleriniň bolçulygy dileg edilipdir.

Akbike JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar