Sport — biziň hemramyz

20 Mart 2024
746

Üstünlikleriň we özgerişlikleriň gözbaşy mähriban halkymyzyň her bir raýatynyň sagdynlygynda we ruhubelentligindedir. Sagdynlygy we ruhubelentligi berkarar etmegiň ilkinji şerti hökmünde sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek möhüm. Şeýle bolansoň, sagdyn durmuşyň tarapdary Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan halkara sport hyzmatdaşlygynyň mekany hökmünde özüni dünýä tanatmagy başardy. Soňky ýyllarda türkmen türgenleriniň gazanýan beýik ýeňişleri, görkezýän ýokary netijeleri muny doly tassyklaýar. Eziz Diýarymyzda kämil türgenleri taýýarlamak, olarda maksadaokgunlylyk, işjeňlik, erjellik we ýeňşe bolan ynamlylyk ýaly häsiýetleri kemala getirmek meselelerine uly üns berilýär.

Türkmenistan halkara sport ýaryşlaryna diňe bir gatnaşman, iri sport bäsleşiklerini özünde geçirmek üçin hem ýeterlik tejribe toplady. 2017-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, soňra «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň we Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ýokary derejede geçirilmegi we şu ýylda ýurdumyzda ýene-de iki sany halkara sport ýaryşlarynyň geçirilmegine garaşylmagy bellärliklidir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy netijesinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi, 2018-nji ýylyň 1-nji iýunynda «Aşgabat» köpugurly stadionynda welosport boýunça geçirilen okuw-türgenleşik sapagynyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi we ýurdumyzda welosiped sporty boýunça yzygiderli geçirilýän sport çäreleri soňky ýyllarda welosiped sportunyň ösüşiniň anyk subutnamalarydyr.

Nurulla RAIMBAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar