Samboçylaryň üstünligi

16 Fewral 2024
427

Ýakynda Türkmenistanyň sambo boýunça milli ýygyndysynyň wekilleri Belarus Respublikasynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirip, onuň çäklerinde dostlukly döwletiň Prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky halkara ýaryşa-da gatnaşdylar. Öňde duran dünýä we yklym çempionatyna taýýarlygyň möhüm tapgyryna öwrülen bu çäre türgenlerimiziň fiziki we taktiki taýýarlygynyň ýokarlanmagyna şert döretdi. Olar abraýly ýaryşda dürli derejeli medallaryň 15-sini gazanyp, toparlaýyn hasapda üçünji orna mynasyp boldular. 28-nji gezek geçirilen halkara ýaryşa Ermenistandan, Belarusdan, Bolgariýadan, Germaniýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Hytaýdan, Russiýadan, Täjigistandan we Türkmenistandan türgenleriň 200-den gowragy gatnaşdy. Şolaryň 37-si türkmenistanly samboçylardyr. Türgenler iki günläp bu oýnuň iki görnüşi boýunça medallaryň 21 toplumy üçin göreşdiler.

Halkara sambo federasiýasynyň ýyllyk meýilnamasyndan orun alan ýaryşda ildeşlerimiziň dördüsi çempion bolmagy başardy. Has takygy, erkekleriň arasynda 71 kilograma çenli agram derejesinde Köýtendag etrabynyň 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi Möminjan Arzykulowa, 79 kilograma çenli agram derejesinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Maksat Annagylyjowa, 88 kilograma çenli derejede Türkmenistanyň Söweş sungatlary boýunça milli federasiýasynyň türgeni Agasapar Muhadowa, 98 kilograma çenli derejede Aşgabat şäher prokuraturasynyň işgäri Suwhan Öwezgeldiýewe taý tapylmady. Türgenlerimiz altyn medallaryň ählisini söweş sambosy boýunça gazandylar.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar