Üstünligiň açary

10 Fewral 2024
619

Biler bolsaňyz, «Güneş» žurnaly öz ýaşajyk okyjylaryny dünýäniň dürli künjeginde geçirilýän halkara ýaryşlarda altyndyr kümüş medallary gazanýan ýaşajyk türgenler bilen yzygiderli tanyş edýändir. Bu gezekki sanymyzda biziň size tanyşdyrjak türgenimiz Perhat Bagtyýarow hakynda bolar. Ol «Olimp» orta sport mekdebiniň 11-nji synpynda okaýar.

Ýaş türgen 12 ýaşyndan bäri sportuň agyr atletika görnüşi bilen meşgullanýar. Onuň bu ugurdan gazanan ýeňişleri, üstünlikleri sanardan kän. Olaryň käbirleri hakynda aýdyp geçsek, Perhat jigimiz 2023-nji ýylyň mart aýynda Albaniýa döwletiniň Durres şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatyna gatnaşdy. Ol bu ýaryşda 61 kilogram agramda çykyş edip, silterläp götermek boýunça 114 kilogram netije bilen altyn medala, itekläp götermek boýunça 144 kilogram agram netije bilen kümüş medala eýe boldy. Jemi 258 kilogram agramy göterip, umumy netije boýunça 2-nji orna mynasyp boldy. Şeýlelikde, ýaş türgenimiz halkara ýaryşyň jemi 3 sany — 1 altyn, 2 kümüş medalyny eýeledi. Geçen ýylyň awgust aýynda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda Aziýa çempionaty geçirildi. Perhat Bagtyýarow bu çempionata hem 61 kilogram agram derejesinde gatnaşyp, 3 sany kümüş medala mynasyp boldy. Ol ştangany silterläp götermek boýunça 112 kilogram, itekläp götermek boýunça 144 kilogram netijeleri görkezip, 2 sany kümüş, jemi 256 kilogram agram netijesi boýunça bolsa umumy sanawa ýene-de bir kümüş medaly goşmagy başardy.

«Güneş».
Beýleki habarlar