Dost dilinden dogry söz

5 Fewral 2024
741

Parasatly pederlerimiziň paýhas hazynasynda «Myhman az otursa-da, köp synlar» diýen pähim bar. Garaşsyz Watanymyzyň mümkinçiliklerine we halkara giňişlikde eýeleýän ornuna ýokary derejede geçirilýän çäreleredir duşuşyklara gatnaşmak üçin ýurdumyza ýygy-ýygydan myhmançylyga gelýän görnükli syýasatçynyň nukdaýnazary bilen seretmek hem köp zada göz ýetirmäge kömek edýär. Golaýda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewiň «MIR» teleýaýlymyna beren interwýusy hem örän täsirli boldy. Arkalaşygyň giňişliginde integrasiýa taslamalarynda Türkmenistanyň eýeleýän orny baradaky söhbetdeşlik Diýarymyzda ýetilen sepgitlere we geljekki mümkinçiliklere daşyndan berilýän baha bilen tanyşmaga şert döretdi.

Ilki bilen, syýasy söhbetdeşligiň esasy mowzugynyň Türkmenistanyň taryhy ösüş, durmuş we medeni taýdan umumylyklary bolan doganlyk halklary birleşdirýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda eýeleýän ornuna, onuň integrasiýa taslamalaryna gatnaşmagyna bagyşlanandygyna üns çekmeli. Köpmanyly düşünje bolan «integrasiýa» adalgasy syýasy nukdaýnazardan seredilende, ýakynlaşmagy, goşulyşmagy, birleşmegi aňladýar. Baryp on müňlerçe ýyl mundan ozal ynsanlar tebigatyň ýowuz şertlerine döz gelmek, kynçylyklardan baş alyp çykmak, öňde goýulan maksatlara ýetmek üçin güýçlerini birikdirmegiň, agzybirlikde hereket etmegiň zerurdygyna göz ýetiripdirler. Häzirki döwürde dünýäde emele gelen ýagdaýlar we abadan geljegi gurmaga gönükdirilen maksatlar ähli döwletlerden tagallalary birikdirmegi talap edýär. Adam ýalňyşlyklaryndan netije çykaryp kämilleşýär. Adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem şu kanunalaýyklyga esaslanýar. XX asyryň birinji ýarymynda bolup geçen pajygaly wakalar birleşen tagallalaryň diňe asylly maksatlara hyzmat eden halatynda ynsanyýete peýda getirýändigini görkezdi. Şu maksat bilen döredilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan dünýäde ilkinji gezek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ykrar edilmeginde hem özboluşly many bar. Çünki türkmen Bitaraplygy hiç kime goşulmazlygy aňlatman, eýsem, hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýän taraplaryň ählisi üçin açyklyga, ynanyşmaga ýugrulan syýasatdyr. Ýer ýüzünde abadançylygy, parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge çagyrýan taglymatdyr. Hut şoňa görä-de, GDA-nyň Baş sekretarynyň söhbetdeşliginde Türkmenistanyň Arkalaşygyň işine gatnaşmagynyň özboluşly aýratynlygyny kesgitleýän ilkinji şert hökmünde hut Bitaraplyk syýasatyna üns çekildi. Türkmen döwletiniň ynsanperwer ulgamy we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge has işjeň gatnaşýandygy, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Arkalaşygyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryň ençemesini öňe sürýändigi barada beýan edilen pikirler bolsa parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzyň rowaçlanýandygynyň nyşanydyr.

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».
Beýleki habarlar