Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip

5 Fewral 2024
568

Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda ynsanperwer gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň fewral aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, 2 müň tonna möçberdäki suwuklandyrylan gaz dost-doganlyk kömegi hökmünde bu ýurda iberildi. Şeýle asylly işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

Kyn günde doganlyk goluny uzatmak we goldaw bermek döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmegiň binýady hökmünde Türkmenistanda asylly däbe öwrüldi. Türkmen halkynyň nesilden-nesle geçirip gelýän bu asylly ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasyny düzýär. Dostlukly döwlete ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberilen suwuklandyrylan tebigy gaz ýüze çykan şu kynçylykly pursatlarda Gyrgyzystanyň Hökümetiniň gyrgyz halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmek üçin edýän tagallalaryna türkmen halkynyň özboluşly goşandy bolup durýar.

Beýleki habarlar