«Ähli mekan-zamanlaryň çyn-hakyky raýaty» (Ýaş žurnalistiň sözi)

2 Fewral 2024
709

Biz halkymyzyň buýsanjyna we guwanjyna öwrülen Magtymguly Pyragy barada söhbet edilende, köplenç, «Magtymguly — ähli döwürleriň we köňülleriň şahyry» diýen jümläni ýygy-ýygydan tekrarlaýarys. Munuň şeýledigine asla şek-şübhe ýok. Sebäbi, türkmen halysynyň wagtyň geçmegi bilen reňk açyp, has owadan öwşün atyşy ýaly, beýik akyldaryň miras galdyran ajaýyp eserleriniň gymmaty hem barha we barha artmak bilen. Bu, elbetde, dana şahyryň şygyrlarynyň bütin adamzady ähli döwürlerde ileri tutulýan esasy ideýalara — watanperwerlige, ýagşylyga, haýyr işlere, ynsanperwerlige çagyrýandygy bilen aýrylmaz baglanyşykly. Ýöne şunda genial filosofy dünýä beren toprakda onuň şan-şöhratyny, mertebesini dünýä ýaýmak, Magtymguly Pyragynyň mirasyny ýeneki nesillere ýadygär galdyrmak ugrunda edilýän tagallalaryň-da, gör, näderejede ähmiýeti bar?!

Bu baradaky gürrüňimizi golaýda GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewiň «MIR» teleýaýlymyna beren interwýusy bilen baglasak hem Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp goşgusynda belleýşi ýaly, «Ähli mekan-zamanlaryň çyn-hakyky raýaty» hasaplanýan nusgawy şahyrymyzyň mirasyna goýulýan sarpanyň juda uludygyna ýene bir ýola göz ýetirip bileris. Aslynda, S.Lebedewiň «MIR» teleýaýlymynyň žurnalisti bilen söhbetdeşligine hem syýasy, hem ynsanperwer nukdaýnazardan syn bermek ýerlikli bolar. Şunda Arkalaşygyň giňişliginde integrasiýa taslamalarynda Türkmenistanyň eýeleýän orny baradaky aýdylanlar ýurdumyzyň bu abraýly düzümiň çäginde assosirlenen agza hökmünde alyp barýan döredijilikli işiniň ykrar edilmesidir, Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlaryna berlen ýokary bahadyr. Golaýda merkezi neşirlerimizde çap edilen söhbetdeşligiň mazmuny bilen ýakyndan tanşanyňda, muňa doly göz ýetirmek bolýar.

Aýgül RAHYMOWA.
Beýleki habarlar