Russiýa geljekde hem Türkmenistanyň ulag taslamalaryna gatnaşmagy dowam etdirer

2 Fewral 2024
652

Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň çäklerinde Russiýa geljekde hem Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň ulag taslamalaryna gatnaşmagy dowam etdirer. Bu barada Russiýanyň Hökümetiniň wise-premýeri Alekseý Owerçuk beýleki yklymüsti ulag geçelgelerinde bar bolan meseleleriň çäginde degişli ulag geçelgesiniň barha artýan ähmiýetini göz öňünde tutup belläp geçdi. Bu barada "TASS" habarlar agentligi mälim edýär.

"Biz awtomobil we demir ýollaryny ösdürmegi hem-de Mongoloýadaky, Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Täjigistandaky, Türkmenistandaky, Azerbaýjandaky, Ermenistandaky we Eýrandaky degişli taslamalara gatnaşmagy meýilleşdirýäris. Biz Owganüsti demir ýolunyň gurluşygyna gyzyklanma bildirýäris, Aziýa we Afrika ýurtlary bilen deňiz aragatnaşygyny hem ösdürýäris" diýip, Russiýanyň Hökümetiniň agzasy aýtdy.

Beýleki habarlar