Ýetginjek tennisçilerimiziň üstünligi

26 Ýanwar 2024
384

Golaýda Omanyň Maskat şäherinde geçirilen Halkara tennis federasiýasynyň Aziýa sebiti boýunça 14 ýaşly we ondan kiçi türgenleriň arasyndaky ösüş çempionatynyň Günbatar hem-de Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin saýlama tapgyry geçirildi. Ýaryşda Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň türgenleri guwandyryjy netije gazandylar.

Ilki bilen Halkara tennis federasiýasynyň Aziýa sebiti boýunça 14 ýaşly we ondan kiçi türgenleriň arasyndaky ösüş çempionatynyň birinji ýaryşy guraldy. Ýekelikdäki bäsleşikde ildeşimiz Ilima Guseýnowa altyn medala mynasyp boldy. Ildeşimiz aýgytlaýjy duşuşykda Eýran Yslam Respublikasynyň türgeni Hana Shabanpoury ýeňmegi başardy. Jübütlikdäki bäsleşigiň jemleýji oýnunda bolsa Ilima Guseýnowa bilen Aýlara Kakabaýewa bilelikde Eýran Yslam Respublikasynyň türgenlerinden asgyn geldiler. Şeýlelikde, türkmenistanly ýetginjek gyzlar kümüş medallary eýelediler.

«Türkmen sporty».
Beýleki habarlar