Sport — ýaşlaryň hemrasy

19 Ýanwar 2024
503

Şanly ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Seýdi şäherindäki 7-nji sport mekdebinde woleýbol boýunça etrabyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa etrabyň çägindäki sport mekdepleriň toparlary gatnaşdylar. Guralan duşuşyklar çekeleşikli we gyzgalaňly häsiýete eýe boldy.

Ýaryşyň dowamynda 4-nji sport mekdebiniň oglanlar topary üstünlikli çykyş edip, birinjiligi eýeledi. Etrabyň 2-nji we 7-nji sport mekdepleriniň toparlary bolsa degişlilikde ikinji we üçünji baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýeňijileri etrap birleşmämiziň adyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladyk.

Atajan JORAÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Dänew etrap birleşmesiniň baş buhgalteri.
Beýleki habarlar