Datly miwe

17 Ýanwar 2024
584

Güneşli Türkmenistan dürli datly miwelere örän baýdyr. Şolaryň hatarynda hurma miwesi hakynda käbir maglumatlary bilmek örän peýdalydyr. Hurma ýurdumyzda bitýän süýji miweleriň hatarynda datlylygy, ýokumlylygy bilen tapawutlanýar. Onuň düzüminde birnäçe ýokumly maddalar saklanýar. Hurma birnäçe döwletlerde, ýagny Ýaponiýada ýeňşiň nyşany, Hytaýda bolsa şatlygyň alamaty hasaplanýar. Bu miwe mikroelementlere baý bolup, onuň sagaldyjy häsiýeti bardyr. Hurmanyň düzüminde kaliý, kalsiý, fosfor, magniý, demir, alma we limon turşulyklary, A we B, C, PP witaminler bolup, ýod, antioksidant, beto-keratin saklanýar.

Hurma bişende süýjäp, düzüminde glýukozanyň belli mukdaryny saklaýar. Ol ýürek keselli näsaglarda ýürek myşsalaryny berkitmäge peýdaly. Bedende köp suwuklyk ýitirilen ýagdaýynda, hurma beden düzüminde ýitirilen kaliýniň öwezini dolmaga ukyplydyr.

Nabat AGABAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 2-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar