Küştçi doganlar

17 Ýanwar 2024
455

Doganlar Joraýewler mundan sanlyja ýyl ozal hem adaty küştçüleriň hatarynda görülýärdi. Indi ýaryşlarda olar barada näme diýilýär, bilýäňizmi? «Joraýewler gelipdir, diýmek, çynlakaý çemeleşmeli» diýýärler. Çünki indi Ýunus bilen Abdyllanyň gatnaşan ýaryşyndan eli boş gaýtmajakdygyny bäsdeşlerem bilýär, küşt dünýäsiniň ussat tälimçilerem bilýär. Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebinde okaýan doganlar, ine, şeýle ezber küştçi bolup ýetişdiler.

Küştçi doganlaryň ejesi Miwe gelneje ogullaryny alyp, iş ýerime — welaýat gazetiniň redaksiýasyna gelende, orta mekdebiň sekizinji synpynda okaýan Ýunus bilen heniz bäşinji synpyň okuwçysy Abdyllanyň gazanan ýeňişleri üçin berlen Hormat hatlarydyr medallary görüp, özüm-ä haýran galdym. Gysgaça şeýle ýazaýyn: Hormat hatlarydyr medallaryň diňe atlaryny sanap geçjek bolsaňam, «Güneşiň» birki sahypasyny dagy eýelejek. Jemläp aýtsak, Ýunusyň-a dürli derejeli ýaryşlardan 3 altyn, şonça kümüş we 7 sany bürünç, Abdyllanyň bolsa 14 sany altyn, 5 sany kümüş we 4 sany bürünç medallary bar. Ýene bir zady — bu medallaryň içinde halkara derejeli onlaýn ýaryşlardan gazanylan medallaryň hem bardygyny bilip goýsaňyz gowy.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.
Beýleki habarlar