Aragatnaşykçylaryň “Altyn Asyr” toparynyň resmi websaýty işe girizildi

17 Ýanwar 2024
402

Ýurdumyzyň 8 gezek çempiony paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” futbol klubunyň resmi websaýty işe girizildi - www.altynasyrfk.com. Täze açylan saýtda paýtagtymyzyň toparynyň saldamly geçen futbol ýoly giňişligi bilen beýan edilýär. Onuň baş sahypasynda toparyň gazanan ýeňişleri taryhy suratlarda öz beýanyny tapýar.

Ýaryşlar bölüminde toparyň häzirki wagta çenli gazanan üstünlikleri barada jikme-jikligi bilen gürrüň edilýär. Umuman, toparyň hünärmenleriniň tagallasy bilen işe girizilen saýtda “Altyn Asyr” topary bilen bagly gyzykly maglumatlar, şeýle-de, oýunçylardan başlap, toparyň ýolbaşçylar düzümi bilen tanyşmaga hem giň mümkinçilik döredilipdir.

Beýleki habarlar