Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

10 Ýanwar 2024
611

Gyşyň güni sowuklama ýa-da dümew nähoşlugyna uçramaz ýaly, bedeniň kesele garşy goranyjylyk ukybynyň güýçlenmegine üns bermeli.

Onuň üçin witaminlere baý önümler bilen iýmitlenmeli, Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki, käkilik oty ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmegi endik edinmeli. Sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmeli, gün tertibini dogry düzüp, iş we dynç alyş wagtyňy sazlaşykly utgaşdyrmaly. Käşir, kelem, kädi, şugundyr, turp ýaly önümleri köpräk iýmeli, şeýle-de limonly, bally çaý içmek siziň bedeniňiziň kesele garşy goranyjylyk ukybynyň güýçlenmegine oňyn täsirini ýetirer. Gyş paslynyň sowuk howaly günlerinde, esasan-da, gartaşan adamlar saglyk ýagdaýyna has ünsli bolmaly. Pasla görä geýinmeli. Otagyň howasyny yzygiderli ýelejiredip durmaly. Eger-de sowuklama ýa-da dümew nähoşlugyna ýolugan bolsaňyz, onda hökmany suratda maşgala lukmanyna habar etmelidir.

Beýleki habarlar