Güneşe baý topragyň dermanlyk ösümlikleri

20 Dekabr 2023
645

Ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek köptaraplaýyn häsiýete eýedir. Dynç alyş-şypahana ulgamyny kämilleşdirmek, jemgyýete sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, saglygyň, ruhubelentligiň çeşmesi bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň özenini düzýär

Ata-babalarymyzdan dermanlyk ösümlikler bilen kesel bejermegiň köpasyrlyk tejribesi bize gelip ýetipdir. «Adam özüniň ýaşaýşy üçin zerur bolan ähli zatlary tebigatdan alýar. Türkmen tebigaty bolsa dermanlyk ösümliklere örän baýdyr. Ülkämizde peýdaly ösümlikler, diýseň, kändir. Başga ýerler bilen deňeşdirilende türkmen tebigatynda hiç zat bilen çalşyp bolmajak köp sanly dermanlyk ösümlikler ösýär» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda güneşe baý sahawatly topragymyzda bitýän ösümlikleriň ynsan saglygyna edýän dermanlyk we bejerijilik häsiýetleri, aýratynlyklary hem-de olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň usullary barada giňişleýin maglumat berilmek bilen, ol fitoterapiýany ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň köpýyllyk tejribesiniň, irginsiz zähmetiniň miwesi bolan ylmy-ensiklopedik eser dermanlyk ösümlikleriň ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we olary bejermekde näderejede gymmatlydygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Eser lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça gymmatly gollanma öwrüldi.

Aýmyrat REJEBOW,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň farmakologiýa ders mugallymy.
Beýleki habarlar